Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Interwideniýe» aýdym-saz bäsleşigine 20 ýurt gatnaşar

16:2713.06.2025
0
18515
«Interwideniýe» aýdym-saz bäsleşigine 20 ýurt gatnaşar
Surat: Gazeta.ru

Öňdäki güýzde Russiýanyň paýtagtynda geçiriljek «Interwideniýe» aýdym-saz bäsleşigine 20 ýurt gatnaşar diýip, «Gazeta.ru» habar berdi, olaryň arasynda Azerbaýjan, Belarussiýa, Wenesuela, Wýetnam, Müsür, Hindistan, Gazagystan, Katar, Hytaý, Kolumbiýa, Kuba, Gyrgyzystan, BAE, Russiýa, Saud Arabystany, Serbiýa, ABŞ, Täjigistan, Özbegistan we GAR bar.

Bäsleşik 20-nji sentýabrda Moskwadaky «Live Arena» merkezinde geçer.

Bäsleşigiň baş maksady – dünýäniň dürli ýurtlarynyň estrada we milli aýdym-saz sungaty bilen tanyşlyk, şeýle hem ýerli ýerine ýetirijileri öňe sürmek diýlip, habarda bellenýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň