Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen wekiliýeti TDG-niň maşgala we durmuş syýasatyna jogapkär ministrleriniň 2-nji duşuşygyna gatnaşdy

13:1713.06.2025
0
20192
Türkmen wekiliýeti TDG-niň maşgala we durmuş syýasatyna jogapkär ministrleriniň 2-nji duşuşygyna gatnaşdy
Surat: Anadolu Ajansı

Azerbaýjanyň paýtagty Baku şäherinde Türk Döwletleriň Guramasynyň (TDG) maşgala we durmuş syýasatyna jogapkär ministrleriniň 2-nji duşuşygy geçirildi. Duşuşyga Türkmenistanyň zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministriniň orunbasary Halbibi Täçjanowa hem gatnaşdy. Bu barada «Anadolu Ajansi» habarlar agentligi habar berýär.

Duşuşykda TDG-niň Baş sekretary Kubanyçbek Ömüraliýew türki döwletleriň hyzmatdaşlygynyň esasyny düzýän gymmatlyklaryň biri hökmünde maşgalanyň ähmiýetini belledi.

«Maşgala türk dünýäsi üçin elmydama mukaddes hasaplanypdyr. Ululara hormat, maşgaladaky agzybirlik we özara jogapkärçilik türki döwletleriň asyrlarboýy miras alan iň beýik gymmatlyklarynyň biridir. Häzirki zaman kynçylyklarynyň arasynda bu düşünjäni gorap saklamak we geljekki nesillere geçirmek iň möhüm wezipelerimiziň biridir» diýip, Kubanyçbek Ömüraliýew nygtady.

Türkmenistanyň zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministriniň orunbasary H.Täçjanowa öz çykyşynda ýurduň durmuş-ykdysady durmuşynda aýal-gyzlaryň işjeň gatnaşmagynyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini aýtdy.

Mundan başga-da, zenanlaryň deň hukuklylygynyň we gender deňliginiň Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň aýrylmaz bölegidigi bellenildi.

Duşuşygyň netijesinde bilelikdäki jarnama kabul edildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň