Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

GAR-da 49 adam sil joşgunlarynyň pidasy boldy

11:2613.06.2025
0
23352
GAR-da 49 adam sil joşgunlarynyň pidasy boldy
Surat: MIR 24

Günorta Afrika Respublikasynyň Gündogar-Kap ülkesinde dörän güýçli sil joşmalarynda azyndan 49 adam pida boldy. Tebigy betbagtçylyga adatdan daşary sowuk howa sebäp boldy, ol özi bilen çabga ýagynlaryny we ýurduň käbir sebitlerine gar getirdi.

Ülkäniň hökümet başlygy Oskar Mabuýane dereksiz ýitenleriň hasabyna heläk bolanlaryň sanynyň artjakdygyny aýtdy diýip, «MIR 24» habar berdi.

Geçen dynç günleri ýurduň günorta we gündogar etraplarynda, Gündogar-Kap we goňşy Kwazuly-Natal ülkelerinde bolan çabgalardan soňra halas ediş gulluklary işe çekildi.

Häkimiýetler ýüz müňlerçe öýlerde elektrik togy babatda bökdençlikleriň dörändigini habar berýärler. Sil 58 mekdebe we 20 hassahana zeper ýetirdi. 500 töweregi adam öýleri ýykylyp, göçürildi diýlip, habarda bellenýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň