Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan «Demirgazyk — Günorta» geçelgesiniň çäklerinde GDA ýurtlary bilen ulag arabaglanyşyklaryny pugtalandyrýar

19:2912.06.2025
0
16555

«Türkmendemirýollary» agentliginiň başlygy Azat Atamyradowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet 10-11-nji iýunda Täjigistanyň paýtagty Duşenbede geçirilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna (GDA) agza ýurtlaryň Demir ýol ulaglary boýunça Geňeşiniň 82-nji mejlisine gatnaşdy diýip, Türkmenistanyň demir ýol edarasy habar berdi.

Agentligiň berýän habaryna görä, mejlisde demir ýol ulaglarynda ýük daşamalaryň umumy mukdarynyň 3,8 göterim azalandygy bellenildi. Şol bir wagtyň özünde, Türkmenistan bilen birlikde bäş ýurduň demir ýol ýük dolanyşygynda ösüş gazanyldy.

Mejlisiň dowamynda GDA ýurtlarynyň üsti bilen geçýän demir ýol ýük dolanyşygynyň möçberini artdyrmak, ulag-üstaşyr geçelgelerinde we konteýner görnüşli multimodal daşamalarda amatly tarif şertlerini döretmek, demir ýol infrastrukturasyny ösdürmek, täze demir ýol ugurlaryny açmak, serhet geçelgelerini kämilleşdirmek, ýük daşamagyň bahasyny we wagtlaryny azaltmak bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Çäräniň çäklerinde «Türkmendemirýollary» agentliginiň ýolbaşçylary bilen Russiýanyň «Rossiýskiýe železnyýe dorogi» («RŽD») açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň ýolbaşçylarynyň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyk geçirildi. «RŽD-niň» ýolbaşçysy Oleg Belozerow «Demirgazyk — Günorta» ulag geçelgesi arkaly Russiýadan Türkmenistanyň üsti bilen amala aşyrylýan konteýner daşamalarynyň 2,5 esse artandygyny we türkmen demir ýol işgärleriniň yzygiderli we netijeli iş alyp barýandygyny belledi. Taraplar halkara ulag geçelgeleriniň işini işjeňleşdirmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Mundan başga-da, Eýran Yslam Respublikasy, Türkmenistan we Özbegistan Respublikasy tarapyndan üçtaraplaýyn duşuşyk geçirildi. Bu gepleşiklerde Türkmenistanyň üsti bilen Eýrana we ondan Özbegistana geçýän üstaşyr ýükleriň mukdaryny artdyrmak, ýük daşamalarynyň durnuklylygyny we howpsuzlygyny üpjün etmek, şeýle hem konteýner otlularynyň sanyny artdyrmak boýunça bilelikdäki yzygiderli çäreleri geçirmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

GDA-nyň Demir ýol ulaglary boýunça Geňeşiniň 83-nji mejlisi 2025-nji ýylyň noýabr aýynda Azerbaýjanyň paýtagty Baku şäherinde geçiriler.

82-nji mejlisiň jemleri boýunça degişli Teswirnama gol çekildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň