Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Bangaloryň stadionyndaky dyknyşykda 11 adam heläk boldy, 47 adam ýaralandy

16:3606.06.2025
0
20410
Bangaloryň stadionyndaky dyknyşykda 11 adam heläk boldy, 47 adam ýaralandy
Surat: Report.az

Azyndan 11 adam Bangalordaky kriket meýdançasynyň ýanynda janköýerler «Bangalor» kriket toparynyň Hindi premýer-ligasyndaky (IPL) ýeňşini baýram edýärkäler dörän dyknyşykda pida boldy. Bu barada Karnataka ştatynyň baş ministri Siddaraýama žurnalistlere habar berdi diýip, «rg.ru» ýazýar.

«Hiç kim beýle köp adam ýygnanar öýdüp garaşmaýardy. Stadiona bary-ýogy 35 müň adam sygýar, emma oňa 200-300 müň adam geldi» diýip, Siddaraýama aýtdy. Oýna tomaşa etmäge gelen inžener-programmaçy Mithun Singh polisiýanyň ýerli derwezeleriniň birinde adamlary taýak bilen ýenjip başlandygyny gürrüň berýär, bu bolsa has-da başagaýlyk döredipdir.

Karnataka ştatynyň baş ministriniň syýasy kätibi Nasyr Ahmet NDTV teleýaýlymynda eden çykyşynda adamlaryň diýenetmezligi sebäpli häkimiýetleriň degişli çäre görendigini gürrüň berdi.

Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modi betbagtçylykly waka bilen baglylykda gynanç bildirdi.

Hepdäniň sişenbe güni «Bangalor» topary dünýäde iň baý kriket ligasy bolan IPL toparynyň 18-nji möwsüminiň final ýaryşynda «Penjap Kingz» toparyndan üstün çykdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň