Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Awaza – dostluk mekany» festiwalynyň ýapylyş dabarasy 6-njy iýunda milli syýahatçylyk zolagynyň akwaparkynda geçiriler

08:1005.06.2025
0
16677

Türkmenbaşy şäheriniň Hazar deňziniň kenaryndaky «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilýän Halkara tans-folklor festiwalynyň resmi ýapylyş dabarasy 6-njy iýunda akwaparkda bolar. Dabaranyň dowamynda gatnaşyjylara diplomlar gowşurylar we bäş ýurduň döredijilik toparlarynyň jemleýji konserti guralar – diýip, TDH agentligi habar berýär.

Üç gün dowam eden halkara forumy Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi we DIM tarapyndan Balkan welaýat häkimligi bilen bilelikde gurnaldy. Festiwala Türkmenistandan, Eýrandan, Hindistandan, Täjigistandan we Özbegistandan tans toparlary gatnaşdy. Şeýle hem çärä hökümet agzalary, halkara guramalaryň wekilleri, medeniýet işgärleri, halk saz gurallarynyň ýerine ýetirijileri, alymlar we ýöriteleşdirilen ýokary okuw mekdepleriniň talyplary gatnaşdylar.

Forumyň açylyş dabarasynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Gutlagy uly üns bilen diňlenildi. «Parahatçylyga, dost-doganlyga söýgi döretmekde tans we folklor sungatyna aýratyn orun degişlidir. Çünki sungatyň güýji ynsan kalbynda hoşniýetli arzuwlary kemala getirýär, adamlary biri-birine ýakynlaşdyrýar, dostlaşdyrýar. Bu halkara festiwalyň esasy maksady hem biziň dostlukly gatnaşyklarymyzy ösdürmekden, medeni ulgamda hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmakdan ybaratdyr» — diýip, döwlet Baştutanymyz Gutlagynda belleýär.

Halkara festiwalyň çäklerinde «Daýanç» sagaldyş we dynç-alyş merkeziniň mejlisler zalynda «Küştdepdi — parahatçylyk waspçysy» atly halkara maslahaty geçirildi. Onuň dowamynda türkmen halkynyň tans we aýdym sungaty bolan «Küştdepdi» barada pikir alşyldy. Bu sungat 2017-nji ýylda ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi.

Üç günüň dowamynda döredijilik duşuşyklary we tans sungaty boýunça ussatlyk sapaklary geçirildi. Her agşam halk döredijilik, folklor-etnografik toparlary çykyş edip, öz halkynyň milli sungatyny görkezdiler. Myhmanlar üçin «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň taryhy bilen tanyşmak maksady bilen gämide gezelençler hem guraldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň