Monte-Karloda geçirilen 47-nji halkara sirk sungaty festiwalynyň ýeňijileri bolan «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalary «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda 10 günlük dynç alyşyna geldiler.
«Altyn asyr» elektron gazetiniň habaryna görä, toparyň agazalaryna Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan «Daýanç» sagaldyş merkezine niýetlenen ýollanmalar sowgat berildi.
«Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary Türkmenbaşyda däp bolan tagamlar we halk aýdymlary bilen dabaraly garşylandy. Olaryň merkeze barmagy üçin ýokary amatlyklary bolan awtobuslar bilen üpjün edildi.
Hazaryň deňiz howasy, arassa plýažlar we amatly howa şertleri Türkmenistany halkara sahnasynda şöhratlandyrýan topary täze çykyşlara ruhlandyrýar.