2-nji iýunda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy, Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni hem-de Ylymlar güni mynasybetli S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Türkmenistanyň Bilim, Oba hojalyk ministrlikleri bilen bilelikde guramagynda «Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmekde ýaşlaryň orny» atly ylmy-taslama bäsleşigine badalga berildi. Bäsleşik Türkmenistanyň hem-de daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirilýär.
Üçünji gezek geçirilýän «Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmekde ýaşlaryň orny» atly ylmy-taslama bäsleşiginiň I tapgyryna Türkmenistanyň hem-de Russiýa, Azerbaýjan, Eýran, Türkiýe, Gazagystan, Hytaý, Belarus, Latwiýa, Malaýziýa, Polşa, Çernogoriýa, Sloweniýa döwletleriniň ýokary okuw mekdeplerinden 131 iş hödürlenip, olar eminler topary tarapyndan içgin seljerildi. Netijede, bäsleşigiň II tapgyryna 36 sany ylmy-taslama işiniň awtorlary gatnaşýarlar diýip, Türkmenistanyň Bilim ministrligi habar berýär.
Habarda bellenilişi ýaly, geljekde bu işleriň durmuşa geçirilmegi Durnukly ösüş maksatlarynyň 6 ugry — açlygy ýok etmek; arassa suw we arassaçylyk; elýeterli we arassa energiýa; howanyň üýtgemegine garşy göreş; deňziň ekologik ulgamyny gorap saklamak; gury ýer ekologik ulgamyny gorap saklamak babatda dünýäniň durnukly ösüşine goşant goşar.