Aşgabat şäheriniň «Watan» kino-konsert merkezinde hindi tanslarynyň we sazlarynyň konserti doly zalda geçirildi.
«Türkmenistan: Altyn asyr» neşiriniň habar bermegine görä, konsertiň öňüsyrasynda kino-konsert merkeziniň girelgesinde meşhur Bolliwudyň filmleriniň suratlary görkezilýän kiçiräk sergi guraldy. Myhmanlaryň köpüsi çärä hindi medeniýetiniň gurşawyny goldamak maksady bilen, sari we penjabi ýaly Hindistanyň däp bolan milli egin-eşiklerinde geldiler.
Konsertiň açylyş dabarasynda Hindistanyň Türkmenistandaky ilçisi Madhumita Hazarika Bhagat çykyş edip, Hindistanyň ilçihanasy bilen Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan guralan bu çäräniň iki ýurduň dostluk we doganlyk gatnaşyklarynyň nyşany bolandygyny belledi. Hususan-da, Türkmenistanyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň çäklerinde bu çäre aýratyn ähmiýete eýe boldy.
Agşamyň hormatly myhmanlarynyň biri Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa boldy.
Aşgabat şäheriniň «Watan» kino-konsert merkeziniň sahnasynda Hindistanyň baý we köptaraplaýyn tans-saz sungatyny Sukhwinder Singhiň ýolbaşçylygyndaky meşhur tans toparynyň artistleri ýerine ýetirdiler.
Diňleýjiler olaryň her çykyşyny joşgun bilen kabul etdiler, esasan-da, Bolliwudyň meşhur artistleriniň, şol sanda Şahruh Hanyň hem-de ýatdan çykmajak meşhurlyk gazanan «I Am A Disco Dancer» filminiň aýdymlaryny ýerine ýetiren jenap Winitiň çykyşlary gyzgyn garşy alyndy.
Konsertden soň Hindistandan gelen tans topary «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyna ugrady. Şol ýerde 2-7-nji iýun aralygynda «Awaza – dostluk mekany» atly Halkara tans we folklor festiwaly geçiriler – diýip, neşirde habar berilýär.