Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň döwrebap ýaşaýyş jaýlaryna ilaty göçürip getirmek meselelerine örän jogapkärçilikli çemeleşilmelidigi babatda görkezmeleri berdi – diýip, TDH agentligi habar berýär.
«Arkadag şäheriniň döwrebap ýaşaýyş jaýlaryna ilaty göçürip getirmek meselelerine örän jogapkärçilikli çemeleşilmelidir we bu işleriň häzirki döwrüň talabyna laýyk derejede yzygiderli ýerine ýetirilmelidir» - diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow täze şäherde geçirilen iş maslahatynda belläp geçdi.
Şenbe güni Arkadag şäherinde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D. Orazowyň we Arkadag şäheriniň häkimi G. Mämmedowanyň gatnaşmagynda iş maslahaty geçirildi. Iş maslahatynyň dowamynda Arkadag şäheriniň häkimi täze şäheriň ýokary amatlyklary özünde jemleýän döwrebap ýaşaýyş jaýlaryna ilaty göçürip getirmek işleriniň talabalaýyk ýagdaýda dowam edýändigi barada hasabat berdi. Türkmen halkynyň Milli Lideri hasabaty diňläp, Arkadag şäheriniň döwrebap ýaşaýyş jaýlaryna ilaty göçürip getirmek meselelerinde degişli düzgün-tertibiň we standartlaryň berjaý etmegiň möhümligini nygtady.