Nigeriýada bolan sil joşmalarda 150-den gowrak adam pida boldy. Emma munuň gutarnykly bolmazlygy mümkin, çünki dereksiz ýitenleriň arasynda yslam mekdebiniň 50 sany okuwçysy hem bar diýip, «MIR 24» habar berdi.
Tebigy heläkçilik ýüzlerçe öýi ýok etdi, iki köprini ýykdy we üç müňden gowrak adamy öýsüz goýdy. Ýerli halas ediş gullugynyň işgärleri adamlary harabalaryň aşagyndan çykarýarlar.
Ýerli ýaşaýjy Musa Madza şeýle gürrüň berýär: «Biziň bärde gören görgülerimize Alla şaýatdyr. Hiç kim size näçe adamyň heläk bolandygyny aýdyp bilmez, emma men olar ýüzlerçe diýip biljek. Men 20-ä golaý ýakynymy ýitirdim».
Häzir sebitde ýagyn möwsümi dowam edýär. Nigeriýanyň häkimiýetleri betbagtçylykda bitertip gurluşyklaryň eýelerini we suw geçirijileriň dykylmagyna sebäpl bolanlary günäkärleýärler.