Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli baýramçylyk çäresi geçirildi

14:5602.06.2025
0
12688

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda bu ýokary okuw mekdebiniň professor-mugallymlarynyň we işgärleriniň kiçi ýaşly çagalary üçin Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli «Zemine ýaň salsyn çaga gülküsi» atly aýdym-sazly baýramçylyk çäresi geçirildi.

Baýramçylyk çäresiniň dowamynda çagalaryň arasynda daşary ýurt dillerinde goşgulary labyzly okamak, aýdym aýtmak, türkmen milli tanslary ýerine ýetirmek, asfaltyň ýüzüne surat çekmek we çekilen suratyň mazmunyny gürrüň bermek boýunça gyzykly bäsleşikler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrligi habar berdi.

Institutyň talyplary ertekileriň we multfilm gahrymanlarynyň eşiklerini geýip, çärä aýratyn baýramçylyk öwüşginini çaýdylar.

Baýramçylyk çäresiniň dowamynda institutyň «Bagtyýarlyk binasy» aýdym-saz topary tarapyndan birnäçe aýdymlar ýerine ýetirildi.

Şeýle-de çagalaryň arasynda sportuň ylgaw, ýaglyk bukdy, tanap çekdi, halkaly bökmek görnüşleri boýunça ýaryşlar geçirildi.

Baýramçylyk çäresiniň ahyrynda çagalaryň arasynda geçirilen bäsleşikleriň jemleri jemlenilip, erjellik görkezen çagalara ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň