Geçen maý aýynyň jemleri boýunça maýa goýumçylar üçin dünýäde iň girdejili harytlar kösükliler we platina boldy. Bu barada ICE Futures, CME Group we Şanhaýyň metallar biržalaryna salgylanýan «RIA Nowosti» habar berdi.
Şunda şokolad önümçiliginde ulanylaýan kakaonyň bahasy bir aýda 11 göterim gymmatlady. Beýleki önümlerden has-da prytykal şiresi 8 göterim, tüwi we süle 2,9 göterim gymmatlady.
Metallaryň arasynda platina ynamly ösüş görkezdi, ol 9,2 göterim gymmatlady. Şeýle hem olowo (+5,2göterim) we mis (+3,1göterim) bahasyny artdyrdy. Altynyň nyrhy haýal artyp, 2,9 göterim gymmatlady.
Energetika pudagynda hemmesinden beter kömür gymmatlady – 8,2 göterim. Ýewropada gazyň bahasy 5,5 göterim, uranyň bahasy 5,4 göterim artdy.
Maý aýynda kofe arzanlady, onuň arabika görnüşiniň bahasy 11 göterim pese gaçdy. Şeýle hem litiniň bahasynyň 9,2 göterim arzanlandygy habarda bellenýär.