«Çalık Holding» halkara holdinginiň bir bölegi bolan «GAP CLK Worldwide» kompaniýasy ýakyn wagtda geçiriljek «TurkmenTextile Expo-2025» halkara sergisine kümüş hemaýatkär hökmünde gatnaşýandygyny mälim etdi. 2025-nji ýylyň 11 – 13-nji iýuny aralygynda Aşgabatda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda geçiriljek bu çäre «GAP CLK Worldwide» kompaniýasynyň dokma pudagyny ösdürmäge ygrarlydygyny we onuň halkara hyzmatdaş hökmünde eýeleýän möhüm ornuny subut edýär.
Energetika, gurluşyk, magdan sengaty, dokma we maliýe pudaklarynda 34 ýurtda iş alyp barýan «Çalık Holding» Türkmenistana köp ýyllardan bäri maýa goýmak bilen, ýurduň ösüşine goşant goşup gelýär. Holdingiň maksady dürli pudaklarda amala aşyrylýan taslamalara gatnaşmak we ýurduň bar bolan amatly mümkinçiliklerinden peýdalanmak arkaly Türkmenistanyň döwlet syýasatyna laýyklykda halkara üstünliklerini gazanmakdan ybaratdyr.
Şunuň bilen baglylykda, 1994-nji ýylda «Çalık Holdingiň» binýadynda döredilen «GAP Pazarlama A.Ş.» gysga wagtda dokma pudagynda öňdebaryjy orny eýeledi. Onuň üstünligi ýüplükden jinsi matasyna, taýýar egin-eşiklerden halkara söwdasyna çenli önümçiligiň ähli tapgyrlarynda ýokary hil, ynam we müşderiniň isleglerini kanagatlandyrmak ýörelgelerine esaslanýar. Türkmenistanyň ýokary hünär derejeli işçi güýji, önümçilik kuwwaty we strategiki taýdan amatly ýerleşmegi, şeýle hem ýola goýlan hyzmatdaşlyk «GAP» kompaniýasynyň halkara ösüşi üçin berk binýady üpjün edýär.
«GAP Pazarlama A.Ş.» kompaniýasynyň kuwwatly binýady logistika we söwda ulgamlarynda tejribesi bilen tanalýan «CLK İpekyolu Lojistik A.Ş.» bilen strategiki taýdan birleşmek arkaly has-da pugtalandyryldy. Bu birleşme integrirlenen dokma, söwda we logistika hyzmatlaryny hödürleýän, täze nesil üpjünçilik zynjyryny we hyzmat görnüşini öňe sürýän «GAP CLK Worldwide» kompaniýasynyň döredilmegine sebäp boldy.
«GAP CLK Worldwide» kompaniýasynyň kümüş hemaýatkär hökmünde «TurkmenTextile Expo 2025» sergisine gatnaşmagy diňe bir bu brendi däl, eýsem, onuň Türkmenistanyň dokma senagaty pudagynyň barha artýan kuwwatyna goşandyny we dünýäniň moda giňişligindäki mümkinçiliklerini görkezýär. Kompaniýa innowasiýalara, hil görkezijilerine we halkara standartlaryna ygrarlydygyny, şeýle hem ýakyn hyzmatdaşlygyň ösüşiň baş şertidigine ynanýandygyny tassyklaýar.
«TurkmenTextile Expo-2025» sergisi hakynda
«TurkmenTextile Expo-2025» – bu Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi tarapyndan «TurkmenExpo» kompaniýasy bilen bilelikde guralýan ýöriteleşdirilen halkara sergidir. Sergi Türkmenistanyň dokma pudagynyň gazananlaryny görkezmek, tejribe alyşmak we halkara hyzmatdaşlar bilen täze işewürlik gatnaşyklaryny ýola goýmak üçin möhüm meýdança bolup hyzmat eder.
Serginiň esasy ugurlary:
- Dokma enjamlary we tehnologiýalary
- Egin-eşik, aýakgap we gön önümleri
- Tebigy süýümleri gaýtadan işlemek
- Ekologiýa taýdan arassa we öý dokma önümleri
- Boýaglar, himiki maddalar, enjamlar
- Goşmaça enjamlar we ätiýaçlyk şaýlary
- Innowasion tehnologiýalar
- Moda we dizaýn
Sergi barada has giňişleýin maglumat almak üçin: (+993 71) 87 18 12, (+993 63) 71 95 88 telefon belgilerine jaň edip, contact@turkmenexpo.com elektron poçta salgysyna ýüz tutup ýa-da https://turkmentextile.turkmenexpo.com/ resmi saýtyna girip bilersiňiz.