Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Almatyda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli dabara geçirildi

10:3102.06.2025
0
11553

Almaty Tehnologiýa uniwersitetinde (ATU) Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy we BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi mynasybetli Türkmenistanyň ilçihanasynyň gatnaşmagynda çäre guraldy.

Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda berilýän habara görä, 30-njy maýda bolan dabarada Almaty Tehnologiýa uniwersitetiniň ýolbaşçylary, hormatly myhmanlar we türkmen talyplary gutlag sözleri bilen çykyş etdiler.

Ilçihanananyň wekili öz çykyşynda 2025-nji ýylyň başyndan bäri Türkmenistanda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlanan köpsanly çäreleriň geçirilýändigini belledi.

Çärede Türkmenistanyň soňky ýyllarda gazananlaryny we ýeten sepgitlerini, şol sanda ýurduň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyny şöhlelendirýän ýörite wideoýazgy görkezildi.

Baýramçylykda türkmen we gazak talyplary folklor sahna çykyşlaryny – «Küşdepdi» milli tansyny we «Bilezik» aýdymyny ýerine ýetirdiler, şeýle hem milli gurallarda halk sazlaryny çaldylar.

Ilçihanananyň wekilleri uniwersitetiň ýolbaşçylary bilen duşuşyk geçirip, talyplaryň durmuşy bilen baglanyşykly möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň