Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen wekiliýetiniň gatnaşmagynda YHG ýurtlarynyň Gümrük gulluklarynyň ýolbaşçylarynyň mejlisi geçirildi

20:1929.05.2025
0
14380
Türkmen wekiliýetiniň gatnaşmagynda YHG ýurtlarynyň Gümrük gulluklarynyň ýolbaşçylarynyň mejlisi geçirildi
Surat: Türkmenistanyň Daşary Işler Ministirligi

28-nji maýda Tähran şäherinde Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň Gümrük gulluklarynyň ýolbaşçylarynyň 10-njy mejlisi geçirildi.

Mejlisiň işine agza ýurtlaryň Gümrük gulluklarynyň ýolbaşçylary, şol sanda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň ýolbaşçysy Maksat Hudaýkulyýew, şeýle-de, Eýran Yslam Respublikasynyň ýokary derejeli hünärmenleri, halkara we sebit guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň DIM-iniň saýtynda habar berildi.

Çärä gatnaşyjylar gurama agza ýurtlaryň arasynda sebitara hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we geljekki mümkinçiliklerini, şol sanda sebitleýin söwdanyň dolanyşygyny ýeňilleşdirmek we gümrük amallaryny döwrebaplaşdyrmak meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmenistanyň wekiliýeti çykyşynyň dowamynda gümrük ulgamynda sebit ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça derwaýys başlangyçlary beýan etdi.

Mejlise gatnaşyjylar onda gazanylan ylalaşyklaryň sebitara arabaglanyşygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine we halkara ýükleriniň geçişinde ösüşleriň gazanyljakdygyna ynam bildirdiler.

Mundan başga-da, iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň wekiliýeti ikitaraplaýyn duşuşyk geçirdi.

Duşuşykda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň we Eýran Yslam Respublikasynyň Gümrük müdirliginiň arasynda hyzmatdaşlygyň geljekde çuňlaşdyrylmagy we giňeldilmegi boýunça bilelikdäki çäreleriň Meýilnamasynyň ýerine ýetirilişi hem-de göz öňünde tutulýan çäreleri durmuşa geçirmegiň meseleleri ara alyp maslahatlaşyldy diýlip, habarda bellenilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň