Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

BAE-de rekord derejedäki maý yssysy hasaba alyndy

14:0326.05.2025
0
15842
BAE-de rekord derejedäki maý yssysy hasaba alyndy
Surat: RIA Nowosti

Birleşen Arap Emirliklerinde synlamalaryň bütin taryhynda maý aýyndaky iň yssy howa hasaba alyndy diýip, ýurduň Milli howa merkezine salgylanýan «RIA Nowosti» habar berdi.

Ýagny 23-nji maýda howanyň iň ýokary temperaturasy Selsiý boýunça 50,4 gradusa deň boldy, bu 2009-njy ýylda hasaba alnan rekord derejedäki 50,2 gradus görkezijiden ýokarydyr. Ertesi, 24-nji maýda bolsa, ýurduň kenarýakadan uzakdaky sähralyk böleginde howanyň derejesi 51,6 gradusa çenli ýetdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň