Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Halyçylaryň 10-syna «Türkmenistanyň at gazanan halyçysy» diýen hormatly at dakyldy

09:1426.05.2025
0
12368

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen halyçylaryň 10-syna «Türkmenistanyň at gazanan halyçysy» diýen hormatly at dakyldy. Degişli Perman «Türkmenistan» gazetiniň şu günki sanynda çap edildi.

  • «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Aşgabat çeper halyçylyk kärhanasynyň halyçysy Aknabat Seýitmuradowna Rahmanowa;
  • «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Bäherden etrap çeper halyçylyk kärhanasynyň halyçysy Akjamal Gurbanmuhammedowna Gurbanmämmedowa;
  • «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Bereket çeper halyçylyk kärhanasynyň halyçysy Baýramtäç Mämmedowna Orazowa;
  • «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Daşoguz çeper halyçylyk kärhanasynyň Boldumsaz etrabyndaky Gubadag haly önümhanasynyň halyçysy Mährijemal Rejepbaýewna Atalowa;
  • «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Daşoguz çeper halyçylyk kärhanasynyň Boldumsaz haly önümhanasynyň halyçysy Täzegül Şükürbaýewna Jumabaýewa;
  • «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Halaç çeper halyçylyk kärhanasynyň 3-nji önümhanasynyň gözegçi ussasy Mähri Ýusupowna Annamuradowa;
  • «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Halaç çeper halyçylyk kärhanasynyň halyçysy Çemen Tölekowna Rozyýewa;
  • «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Halaç çeper halyçylyk kärhanasynyň sowgatlyk önümhanasynyň halyçysy Saparaý Jomartowa;
  • «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Mary çeper halyçylyk kärhanasynyň Mary haly önümhanasynyň halyçysy Gülnabat Amanmyradowna Babaýewa;
  • «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Mary çeper halyçylyk kärhanasynyň Türkmengala haly önümhanasynyň halyçysy Şemşat Berkeliýewna Rejepowa.

Bellenilişi ýaly, hormatly at milli gelin-gyzlara halyçylyk sungatyny ösdürmekde, halkyň buýsanjy bolan türkmen halylarynyň taýsyz gözelligini we nepisligini dünýä ýaýmakda, hala çeper nagyşlary salmakda bitiren uly hyzmatlary üçin hem-de köp ýyllaryň dowamynda çeken halal we yhlasly zähmeti, hünär ussatlygy nazara alnyp dakyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň