«Maksatly Türkmen» hojalyk jemgyýet inert gazy argon bilen doldurylan ýokary hilli goşa aýnaly penjireleri hödürleýär. Bu tehnologiki çözgüt jaýyňyz ýa-da iş otagyňyz üçin birnäçe artykmaçlyklary hödürläp, rahatlygy we amatlylygy täze derejä çykarar.
Goşa aýnaly penjireleri ýygnamak işi doly awtomatlaşdyrylan kärhanalarda amala aşyrylýar, bu bolsa her önümiň takyklygyny we ygtybarlylygyny kepillendirýär. Aýnalaryň arasyndaky giňişligi inert gazy argon bilen doldurmak prosesine aýratyn üns berilýär. Bu tapgyr ýörite enjam arkaly berk gözegçilikde saklanýar, optimal ýylylyk we ses izolýasiýa görkezijilerini gazanmak üçin içerki basyş aýratyn barlanýar.
Argonyň ekologiýa taýdan arassa bolmagy onuň penjireleriň energiýa netijeliligini ýokarlandyrmak üçin ulanylmagynda möhüm artykmaçlyk döredýär. Howa bilendeňeşdirilende has ýokary dykyzlygy netijesinde, argon sesli tolkunlaryň geçmegine uly päsgelçilik döredýär, bu şäher köp hereketli awtoulag ýollarynyň golaýynda ýerleşýän jaýlar üçin aýratyn möhümdir.
Mundan başga-da, argon bilen doldurylan goşa aýnaly penjireler otagy tomusda aşa gyzmakdan goraýar. Dykyz gaz gurşawy Gün şöhlesiniň döwülme burçuny üýtgedip, onuň ultramelewşe bölegini siňdirmäge kömek edýär, bu bolsa jaýyň içini salkyn saklamaga we içerdäki zatlaryň ýanmagynyň öňüni almaga kömek edýär.
Inert gazy argon düýbünden howpsuzdyr: ol zäherli däldir, ysy ýokdur, partlaýjy we ýanyjy häsiýetlere eýe däldir. Ony ulanmak, adamlaryň we haýwanlaryň saglygyna, şol sanda allergiýadan we demgysmadan ejir çekýänlere ýaramaz täsir etmeýär. Şol bir wagtyň özünde, argon dury bolup, aýnanyň ýagtylyk geçirijilik ukybyny peseltmeýär.
«Maksatly Türkmen» müşderilerine ýokary tehnologiýany, rahatlyk hem-de howpsuzlyk baradaky aladalary özünde jemleýän döwrebap we ekologiýa taýdan arassa aýna çözgütlerini hödürleýär.
Habarlaşmak üçin:
- salgysy: Aşgabat, G.Kuliýew köç, bina №28;
- telefonlar: 75 41 11, 19 41 11, 59 53 33, 14 53 33;
- sosial ulgamdaky sahypasy.
Şeýle-de okaň: