Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Trampyň on birinji agtygy dünýä indi

10:2517.05.2025
0
16898
Trampyň on birinji agtygy dünýä indi
Surat: Rg.ru

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp 11-nji gezek baba boldy, onuň körpe gyzy Tiffaniniň ogly dünýä indi diýip, TASS habar berdi.

Tiffani bu barada sosial tordaky sahypasynda: «Biziň durmuşymyzda peýda bolanyň üçin sag bol!» diýip ýazdy. Çaga 2025-nji ýylyň 15-nji maýynda doguldy. Oglanjyga Aleksandr Tramp Bullos diýip at dakdylar.

Öň, 2019-njy ýylda Trampyň onunjy agtygy dünýä indi. Şonda onuň ogly Erigiň aýaly Lara Trampyň gyzy doguldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň