«Zyýat Hil» konditer dükanlarynyň tory müşderilerini begendirmegini dowam etdirip, indi doglan gün tortlary üçin sargytlary kabul edýändigini ýatladýar.
Dükanlar tortlaryň özboluşly dizaýnyny döretmek üçin örän giň mümkinçilikleri hödürleýär. Müşderiler görnüşini, ululygyny, reňk aýratynlygyny we bezeg elementlerini saýlap, öz göwnüne ýaraýan tortlaryny sargyt edip bilerler.
Görnüş babatda özüne çekijilikden başga-da, «Zyýat Hil» önümleriň huruşlarynyň hiline we köpdürlüligine aýratyn üns berýär. Dükanlaryň assortimenti klassiki we söýgüli tagamlary, şeýle hem özboluşly tagam sazlaşyklaryny öz içine alýar.
«Zyýat Hil» dükanlarynyň özboluşly tortlary bilen ýakynlaryňyzyň göwnünden turmak we ýatdan çykmajak baýramçylyk atmosferasyny döretmek mümkinçiligini elden gidirmäň! Aýdyň duýgulary we süýji ýatlamalary duýuň!
Habarlaşmak üçin:
- Büzmeýin etraby, Abadan şaýoly, 254-nji jaý, telefon belgileri: (+993 12) 35 37 13 we (+993 62) 02 13 61;
- Garadaşaýak ýaşaýyş jaý toplumy, «Seýran» söwda merkezi, telefon belgileri: (+993 12) 29 35 03 hem-de (+993 62) 02 13 62;
- Gurtly ýaşaýyş jaý toplumy, 3-nji jaý, 1-nji gat, telefon belgileri: (+993 12) 97 95 06 (+993 62) 02 13 63.
Sosial media ulgamyndaky sahypasy.
«Zyýat Hil» konditer tory 150 manatlyk we şondan köp möçberde süýjülik we tort sargyt eden müşderilere Aşgabat şäheriniň hem-de Gökdepe etrabynyň çägine mugt eltip bermek hyzmatyny ýetirýär.
Şeýle-de okaň:
Fotoreportaž: Zyýat Hil: gaýtalanmajak tagamlar we ýokary hil