Russiýanyň saglygy goraýyş ministri Mihail Muraşko ýurduň ýaşaýjylarynyň şekeri hünärmenleriň maslahat berşinden bäş esse, duzy 2,5 esse köp ulanýandyklaryny «Russiýa 24» teleýaýlymynda çykyşynda aýtdy.
Ministriň sözlerine görä, şekeriň we duzuň gereginden köp ulanylmagy saglyga ýaramaz täsir edýär. «Haçanda adamlar tagama kän duz atanlarynda, süýji içgileri we iýmitleri köp kabul edenlerinde, bu saglyk üçin hakyky howp döredýär» diýip, ministr nygtady. Muraşkonyň aýtmagyna görä, russiýalylaryň iýmitlenişinde miwelerdir gök-bakja önümleri ýetmeýär. Bu miweler boýunça 60-65 göterim, gök-bakja önümleri babatda 70 göterim kadadan azdyr.
Russiýaly ministr soňky ýyllarda balygyň sarp edilişiniň pese gaçandygyny sözüniň üstüne goşdy. Emma et önümleriniň sarp edilişi welin, maslahat berlen kadalardan 6 göterim köpdür.