Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Gurbanguly Berdimuhamedov «KazanForuma» gatnaşmak üçin Tatarystana bardy

17:3816.05.2025
0
17194
Gurbanguly Berdimuhamedov «KazanForuma» gatnaşmak üçin Tatarystana bardy
Surat: Tatarstan.ru

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedov resmi sapar bilen Kazan şäherine bardy. Kazanyň halkara howa menzilinde türkmen halkynyň Milli Liderini Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow mähirli garşylady.

Saparyň çäklerinde Gurbanguly Berdimuhamedov şu günler Tatarystanyň paýtagtynda geçirilýän «Russiýa — Yslam dünýäsi: KazanForum» atly halkara ykdysady forumyň işine gatnaşar. Bu barada Tatarystan Respublikasynyň Baştutanynyň Metbugat gullugy habar berdi.

Ýeri gelende ýatlatsak, mundan ozal Türkmenistanyň «Russiýa-Yslam dünýäsi: KazanForum» atly her ýyl geçirilýän XVI halkara ykdysady foruma özüniň Milli pawilýony bilen gatnaşýandygyny habar beripdik.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň