Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Astanada Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaýyň ulag ministrleriniň duşuşygy geçirildi

17:1716.05.2025
0
16520
Astanada Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaýyň ulag ministrleriniň duşuşygy geçirildi
Surat: Inbusiness.kz

Şu gün Gazagystanyň paýtagty Astanada Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaý Halk Respublikasynyň ulag ministrleriniň ikinji altytaraplaýyn duşuşygy geçirildi. Bu barada Gazagystanyň Ulag ministrligine salgylanyp, inbusiness.kz habar berýär.

Duşuşyga bäş döwletiň resmi wekiliýetleri gatnaşdy. Olaryň hatarynda Hytaý Halk Respublikasynyň ulag ministri Lýu Weý, Gyrgyz Respublikasynyň ulag we aragatnaşyk ministri Absattar Syrgabaýew, Täjigistan Respublikasynyň ulag ministri Ibrohim Azim, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň baş direktory Mämmethan Çakyýew hem-de Özbegistan Respublikasynyň ulag ministriniň birinji orunbasary Mamambi Omarow bar.

Duşuşygyň esasy gün tertibi Ýewraziýa sebitinde ulag-logistika ulgamynyň ösüşi we infrastruktura hyzmatdaşlygynyň geljegi bilen baglanyşykly meselelerden ybarat boldy.

Gepleşikleriň dowamynda ministrler Merkezi Aziýa ýurtlarynda hem-de halkara derejesinde ulag ulgamynyň häzirki ýagdaýy barada pikir alyşdylar. Şunuň bilen baglylykda, ykdysady, söwda we ynsanperwer mümkinçilikleriň bilelikde peýdalanylmagyna aýratyn ähmiýet berildi. Sebäbi sebitiň halkara ýük daşamalaryndaky roly barha artýar.

Wekiliýetleriň ýolbaşçylary Merkezi Aziýa bilen Hytaýyň arasynda ulag ulgamynda köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk maksatnamasyny döretmek pikirini biragyzdan goldadylar. Bu maksatnama ulag ulgamynda çuňlaşdyrylan hyzmatdaşlygyň hem-de ony sanlylaşdyrylmagyň binýady bolar. Maksatnama elektron resminama dolanyşygynyň ornaşdyrylmagyny, ýükleriň hereketiniň onlaýn yzarlaýyş ulgamyny we halkara awtomobil gatnawlarynyň düzgünleriniň ýönekeýleşdirilmegini göz öňünde tutýar.

Ara alyp maslahatlaşmalaryň esasy ugurlarynyň ýene biri halkara daşamalarda zerur bolan daşary ýurt rugsatnamalarynyň blankalarynyň elektron alyş-çalyşyna geçmek boldy. Gazagystan häzirki wagtda Hytaý we Özbegistan bilen şeýle alyş-çalyşy amala aşyrýar. Duşuşykda gazanylan ylalaşyklara laýyklykda, Gyrgyzystan, Türkmenistan we Täjigistan bilen hem bu amallar sanly görnüşe geçiriler.

Gepleşikleriň netijesinde ministrler iki möhüm resminama gol çekdiler. Has takygy, Halkara awtomobil gatnawlarynda sanlylaşdyrma babatyndaky hyzmatdaşlyk boýunça özara düşünişmek baradaky Ähtnama hem-de duşuşyga gatnaşyjy ýurtlaryň ulag edaralarynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekişildi.

Bu resminamalar hyzmatdaşlygy hukuk taýdan berkidip, sebitde logistikanyň sanly ösüşine täze itergi bermäge gönükdirilendir.

Şeýle-de Hytaý bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda, esasan hem, awtomobil we demir ýol arkaly daşamalarda serhet geçelgeleriniň proseduralarynyň ýönekeýleşdirilmegi bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ulag ulgamynda hünärmenleri taýýarlamak meselesine aýratyn üns çekildi. Ministrler ylmy-barlag we analitiki merkezleriň arasyndaky hyzmatdaşlygy güýçlendirmegiň möhümdigini nygtadylar. Halkara ulag taslamalarynyň ýerine ýetirilmegi üçin yzygiderli ylmy goldaw mehanizmini döretmegiň zerurdygy nygtaldy.

Duşuşygyň ahyrynda wekiliýetleriň ýolbaşçylary duşuşygyň ýokary derejede guralandygy üçin Gazagystan Respublikasyna minnetdarlyk bildirdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň