Geologlaryň soňky barlaglary köp energetiki meseleleriň şeýlebir ýiti däldigini wada berýär. Hünärmenler ýeriň astynda baslygyp ýatan wodorodyň planetanyň ýaşaýjylaryna 170 müň ýyla ýetjekdigini nygtaýarlar diýip, «rg.ru» ýazýar.
Belli bolşy ýaly, wodorody ulanmaga 20 ýyldan gowrak bäri maýa goýulýar. Şeýle hem wodorod energetikasynyň eýýamynyň gelendigi yglan edildi. Emma wodorody metandan we ýokary temperaturada suw bugundan almak köp güýç talap edýär. Şol sebäpli wodoroda üns yza süýşürildi. Emma geologlaryň üstüni açan ägirt uly känleriniň örän geljegi uly bolup biler.
Bu gaz örän uçujy bolup, üste düşüp, tiz dagaýar. Emma litosferanyň öýjükli jynslarynda ýerasty «duzaklar» bolup hyzmat edýän zolaklar döreýär. Mysal üçin, Malide 2012-nji ýyldan bäri 1-2 kilometr çuňlukda wodorod gazylyp alynýar.
Geologlar gadymy ýaşyldaşly jynslarda şeýle gorlaryň bolmagynyň mümkindigini çaklaýarlar, ol ýerler Awstraliýada, Günbatar Afrikada, Kanadada we Russiýada bar. Wodorod känleri umman gabygynyň gury ýerlere süýşýän we ýokary göterilýän ýerleri bolan Russiýada, Albaniýada, Türkiýede we Omanda bar diýip, hünärmenler belleýärler.