Dünýäniň ilatynyň üçden bir böleginden gowragy günde iki-alty dollara ýaşaýar diýip, BMG-niň Moskwadaky Habarlar merkeziniň direktory Wladimir Kuznesow gürrüň berdi diýip, «RIA Nowosti» ýazýar.
«Sebitlerde garyplygy azaltmak boýunça uly üstünlikleriň bardygyna garamazdan, adamlaryň köpüsi garyplygyň çägindedir. 2,8 millard adam, ýagny dünýäniň ilatynyň üçden bir böleginden gowragy günde 2-6 dollara güzeran aýlaýar» diýip, russiýaly hünärmen nygtady. Onuň sözlerine görä, ykdysady kesgitsizlik iş bilen meşgullanmakda giňden ýaýran durnuksyzlygy çuňlaşdyrýar: dünýäniň ilatynyň 60 göterime golaýy işini ýitirmekden we täze iş tapmazlykdan gorkýar.
«Dünýä ilatynyň 65 göterimi girdejileriň deňsizligi ösýän ýurtlarda ýaşaýar. Bu köp halatda jyns, synp, doglan ýer we maşgala gelip çykyşy ýaly giňden ýaýran deňsizlik bilen baglydyr» diýip, Kuznesow sözüniň üstüni ýetirdi. Ol şeýle-de barha ýitileşýän deňsizligiň hökümet edaralaryna ynamy gowşadýandygyny aýtdy: «Pikir soraşmalara görä, dünýäniň ilatynyň ýarysyndan köpüsi öz hökümetlerine ynanmaýarlar».