Duşenbe şäherinde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň (GDA) agza döwletleriniň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň XVIII Forumyna gatnaşmak üçin gelen türkmen wekiliýeti Täjigistanyň Milli kitaphanasynyň gaznasyna türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Prezident Serdar Berdimuhamedowyň kitaplaryny gowşurdy. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň saýtynda habar berilýär.
Forumda türkmen wekiliýetine Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň prorektory B. Gutlymyradow ýolbaşçylyk etdi.
Forumyň dowamynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň ylym bölüminiň başlygy M. Hojagulyýew «Arkalaşygyň halklarynyň beýik Ýeňşe goşan goşandy» atly panel ara alyp maslahatlaşmasynda çykyş etdi – diýip, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň saýtynda bellenilýär.
Ozal habar berlişi ýaly, Türkmenistan Duşenbede geçirilen GDA-nyň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň XVIII Forumyna gatnaşýar.