«Al-Arabiya» teleýaýlymy ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp özüniň Saud Arabystanyna sapary wagtynda hödür edilen kofäni içýän edip görkezmek üçin emeli aňdan peýdalandy. Bu barada «rg.ru» ýazýar.
Aslynda amerikan Prezidenti mirasdüşer Şazada Muhammed bin Salman tarapyndan hödür edilen içgiden ýüz öwrüpdi. Tramp öň alkogoldan we çilimden, şol sanda kofeden saklanýandygyny az aýtmandy.
Emma ABŞ-nyň Prezidentiniň kofeden ýüz öwürmegi kabul edýän ýurda hormat goýmazlyk hökmünde kabul ediljekdi. Gopgundan gaçmak üçin, «Al Arabiya» teleýaýlymy hakyky wideony emeli aň tarapyndan generirlenen rolik bilen çalyşdy, onda Tramp kofeli bulgury kabul edýän ýaly şekillendirildi.