Ozal habar berşimiz ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow sapar bilen gelen Malaýziýanyň «PETRONAS» kompaniýasynyň wekilleri — kompaniýanyň ýolbaşçysy Tan Şri Tengku Muhammad Taufik, Ýerine ýetiriji wise-prezidenti Mohd Jukris Abdul Wahab, halkara aktiwler boýunça wise-prezidenti Mohd Redhani Abdul Rahman bilen duşuşdy.
Duşuşykda Halk Maslahatynyň Başlygy Türkmenistanda tebigy gazdan benzin öndürýän ikinji zawodyň gurluşygy boýunça meselä ünsi çekip, ýurduň bilelikdäki taslamalary amala aşyrmak boýunça kompaniýanyň anyk tekliplerine garamaga taýýardygyny aýtdy.
Gahryman Arkadag «PETRONAS» bilen hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de birek-birege hormat goýmak, açyklyk we umumy maksatlar ýörelgeleri esasynda alnyp baryljakdygyna berk ynam bildirip, bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmekde kompaniýa hemmetaraplaýyn ýardamyň beriljekdigini nygtady.