Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Hindistanda gözellik bäsleşigi sebäpli 150 maýmyny göçürdiler

14:3514.05.2025
0
16083
Hindistanda gözellik bäsleşigi sebäpli 150 maýmyny göçürdiler
Surat: Gazeta.ru

Hindistanyň Telingana ştatynda «Dünýäniň gözeli» bäsleşigi sebäpli maýmynlary köpçülikleýin tutmaga başladylar. Bu barada «Deccan Chronicle» neşirine salgylanýan «Gazeta.ru» habar berdi.

14-nji maýda bäsleşige gatnaşyjylar Ramappa ybadathanasyna gezelenç ederler. Ybadathana diňe bir ÝUNESKO-nyň maddy mirasyň bütindünýä sanawyna girmek bilen çäklenmän, oňa barýanlara gaharjaň maýmynlaryň hüjüm edýändikleri bilen tanalýar. Gezelenç wagty gyzlara maýmynlaryň howp salmazlygy üçin ýerli ýolbaşçylar ýabany haýwanlary köpçülikleýin tutmak kararyna geldiler. Häzirki wagtda 150 maýmyn ele salyndy, olary Eturnagaram goraghana-tokaýyna goýberdiler.

Maýmynlaryň hüjüminden ejir çekýän ýerli ýaşaýjylar bu tutumy oňladylar diýlip, habarda bellenýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň