Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Superkompýuter Ýerde haýsy ýylda ýaşaýşyň tamamlanjakdygyny hasaplady

11:1514.05.2025
0
15246
Superkompýuter Ýerde haýsy ýylda ýaşaýşyň tamamlanjakdygyny hasaplady
Surat: Vm.ru

Alymlaryň halkara topary superkompýuteriň kömegi bilen Ýerde haýsy ýylda ýaşaýşyň gutarjakdygyny hasapladylar diýip, «Daily Star» neşirine salgylanýan «Gazeta.ru» habar berdi.

Ýagny NASA (ABŞ-nyň kosmos edarasy) we Ýaponiýanyň Toho uniwersitetiniň alymlar topary Ýerde ýaşaýşyň takmynan 1000002021-nji ýylda tamamlanjakdygy barada netijä geldiler. Muňa Günüň işjeňligi we howada kislorodyň derejesiniň peselmegi bilen baglylykda, howanyň temperaturasynyň ýokarlanmagy sebäp bolar.

Alymlar Kazumi Odzakiniň hem-de Kristofer T. Reýnhardyň pikiriçe, häzirki wagtda howada kislorodyň derejesiniň ýokary bolmagy geologiki nukdaýnazardan wagtlaýyn hadysadyr. Wagtyň geçmegi bilen, kislorodyň derejesi pese gaçyp başlar hem-de planeta ýaşamak üçin ýaramsyz bolar.

Bu açyş diňe bir biziň planetamyzyň geljegine göz ýetirmek däl, eýsem, başda planetalarda ýaşaýşy gözlemek babatda hem möhümdir.

«Biziň ylmy barlaglarymyz adamzady halas etmek üçin tizden-tiz Gün ulgamynyň çäklerinden daşgary ýaşamak üçin ýaramly planetalary gözlemegiň wajypdygydyny tassyklaýar» diýip, alymlar aýtdylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň