Bütindünýä Meteorologiýa Guramasynyň hasabatyna görä, 2024-nji ýylda howanyň maýlamagynyň iň ýokary derejesi hasaba alyndy. Ol Pariž ylalaşygynyň birinji kesgitli görkezijisinden 1,5 dereje ýokarlandy. Häzirki wagtda bolsa Merkezi Aziýada howanyň maýlamagy 2,17 dereje ýokary diýlip hasaba alyndy. Bu barada Merkezi Aziýanyň Sebitleýin ekologiýa merkeziniň howanyň üýtgemegi boýunça sebitleýin bilermeni Wladimir Grebnewiň «Türkmenistan» gazetinde ýerleşdirilen çykyşynda bellenilýär.
Ozal habar berşimiz ýaly, 13-nji maýda Aşgabatdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň we Merkezi Aziýanyň sebitleýin ekologiýa merkeziniň bilelikde guramagynda öz işine başlan howanyň üýtgemegi boýunça Merkezi Aziýa maslahaty köp sanly myhmanlary Aşgabatda jemledi.
«Bu bolsa dünýä statistikasy bilen deňeşdirilende, sebitde howanyň derejesiniň örän tiz ýokarlanýandygyny görkezýär. Bu hili üýtgeşme gönüden-göni buzlaryň eremegi, ygalyň düşmeginiň üýtgemegi, ekstremal howa hadysalarynyň ýygylaşmagy bilen baglanyşyklydyr. Muňa garamazdan, geljek ýylda howanyň kadaly bolmagyna garaşylýar» diýlip, çykyşda bellenilýär.
Bilermeniň pikiriçe, Aşgabat forumy tagallalary birleşdirmek bilen birlikde, howanyň üýtgemegine garşy göreşmekde döwlet serişdelerini çekmegiň näderejede derwaýysdygyny aýdyň görkezýär. Bu barada halkara bilermenleriň köpüsi öz çykyşlarynda bellediler.
«Olaryň bu meseläniň dürli taraplaryny açyp görkezýän pikirleriniň jemi bolsa şu günüň oňyn çözgütleridir. Ýeri gelende, Türkmenistanyň howa meselesi boýunça hereketlere işjeň goşulyşýandygyny, parnik gazlarynyň zyňyndylaryny azaltmak, beýleki ýaramaz täsirleriň öňüni almak ýa-da çäklendirmek işlerine uly goşant goşýandygyny nygtamak isleýärin. Türkmenistan ekologiýa ulgamynda, esasan, sebit hyzmatdaşlygyna örän uly ähmiýet berýär. Bu ählumumy meseläniň esasy we hemmelerden deň derejeli tagallalary talap edýän ugrudyr» diýip, Merkezi Aziýanyň Sebitleýin ekologiýa merkeziniň howanyň üýtgemegi boýunça sebitleýin bilermeni Wladimir Grebnew aýtdy.