Yragyň günorta ülkesiniň ýaşaýjysy Najaf öýde saklaýan ýolbarsynyň hüjüminiň pidasy boldy. Polisiýanyň wekilleri ýolbarsy atmaga mejbur boldy diýip, «Rudaw» neşirine salgylanýan «MIR 24» habar berýär.
Gurban bolan 50 ýaşly Akil Fahr ad-Din köp ýyl bäri howlusynda ýolbarslary we beýleki ýabany haýwanlary saklaýardy. 2014-nji ýylda Yrak haýwanlary goramak barada Konwensiýa gol çekdi, onuň maksady ýabany haýwanlaryň söwdasyny sazlaşdyrmakdan ybaratdyr. Emma muňa garamazdan, ýurtda ýabany görnüşleriň bikanun dolanyşygy öňküsi ýaly giňden ýaýrandyr diýlip, habarda bellenýär.
Polisiýanyň işgärleri ýolbarsyň erkek kişä onuň bagynda topulyp, boýnuny we döşüni dişländigini gürrüň berdiler. Netijede, erkek kişi agyr şikeslerden aradan çykypdyr. Onuň ýolbarsy bary-ýogy bir aý öň satyn alandygy aýdylýar. Ýyrtyjy onuň bedeniniň bir bölegini iýmäge ýetişipdir.