Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Aktauda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli dabaraly çäre geçirdi

22:0613.05.2025
0
15482
Aktauda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli dabaraly çäre geçirdi
Surat: mfa.gov.tm

Şu gün Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasynyň Aktau şäherindäki konsullygynyň binasynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli dabaraly çäre geçirildi. Çäräniň dowamynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň halkara jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilmeginiň ähmiýeti hem-de ondan gelip çykýan ugurlar barada bellenilip geçildi.

Çärä Gazagystanyň Mangistau welaýatynyň çäginde ýaşaýan türkmen diasporasynyň wekilleri, Aktau şäherinde ýerleşýän Ş.Ýesenow adyndaky inženerçilik we tehnologiýa döwlet uniwersitetinde bilim alýan talyp ýaşlar gatnaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň Aktau şäherindäki konsullygy habar berdi.

Çärede Türkmenistanyň konsuly M.Abdyllaýew çykyş etdi. Konsul öz çykyşynda Türkmenistanyň işjeň daşary syýasy ugrunyň hem-de Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň öňe sürýän döredijilikli başlangyçlarynyň dünýä giňişliginde uly goldawa eýe bolýandygy barada belledi. Şeýle-de BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» hem-de «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly kararnamalaryň kabul edilmegi barada hem durup geçdi. Bitarap Türkmenistanyň dünýäde parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmaga, döwletleriň we halklaryň arasyndaky özara düşünişmegi, dostlukly, ysnyşykly gatnaşyklary we netijeli hyzmatdaşlygy, berkitmäge hem-de Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge saldamly goşant goşýandygy nygtaldy.

Çäräniň çäginde türkmen halkynyň milli gymmatlyklaryny açyp görkezýän surat eserleriniň sergisi guraldy. Türkmen halkynyň el işleriniň, şaý-sepleriniň we dokma önümleriniň şekillendirýän suratlaryň sergisi dabara gatnaşyjylaryň ünsüni özüne çekdi.

Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşyjylara Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy barada gürrüň berýän wideoşekiller görkezildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň