«Rowachpack» haryt nyşany astynda ýokary hilli polipropilen gaplary öndüriji «Rowachlan Galkynysh» hususy kärhanasy özara bähbitli hyzmatdaşlyk barada teklip bilen halkara işewür toparlaryna ýüzlenýär.
Kompaniýa dürli görnüşli önümleri, şol sanda polipropilen torbalary, islege görä ululykdaky haltalary tikmek üçin ulanyp boljak polipropilen rulon-gaplamalary, şeýle hem uly göwrümli ýumşak gaplary (big-beg) öndürýär.
«Rowachpack» polipropilen gaplarynyň tapawutly aýratynlygy dürli daşama we saklama şertlerinde önümleriň ygtybarly goralmagyny üpjün etmek ukybydyr. Ulanylýan materialyň ekologiýa taýdan arassa, zyýanly maddalary bölüp çykarmaýandygyny we gaýtadan ulanmak üçin amatlydygyny bellemek gerek.
«Rowachlan Galkynysh» dowamly önümçilikden başga-da, müşderiniň aýratyn talaplaryny we aýratynlyklaryny göz öňünde tutup, sargyt esasynda polipropilen ýumşak gaplary öndürmek hyzmatlaryny hem hödürleýär.
Hödürlenilýän önümler we hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri barada has giňişleýin maglumat üçin gyzyklanýan taraplar (+993 62) 29 29 69 we (+993 12) 29 29 69 telefon belgileri arkaly «Rowachlan Galkynysh-yň» wekilleri bilen habarlaşyp bilerler.
Elektron poçta rowachpack@gmail.com. Sosial ulgamdaky sahypasy.