Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Pekinde taryhda ilkinji gezek bütindünýä robot oýunlary geçiriler

17:5908.05.2025
0
21016
Pekinde taryhda ilkinji gezek bütindünýä robot oýunlary geçiriler
Surat: Oxu.az

Şu ýylyň 15-17-nji awgusty aralygynda Hytaýyň paýtagtynda adampisint robotlaryň bütindünýä oýunlary geçiriler diýip, ýurduň Merkezi telewideniýesi habar berdi.

Oýunlar özünde sportuň 11 görnüşini jemlär. Olaryň arasynda ýeňil atletika, şol sanda 100; 400 we 1500 metr aralyga ylgaw, beýiklikden we uzak aralyga bökmek, gimnastika hem-de az sanly oýunçylaryň gatnaşmagyndaky futbol oýunlary bar.

Ýaryşlarda ilkinji nobatda adampisint robotlaryň sport ukyplaryna, giňişlikde ugur almak hem-de toparda işlemek başarnyklaryna baha berler diýlip, habarda bellenýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň