Lebap welaýatynyň etraplarynyň ählisinde senagat üçin gymmatly çig mal bolan pile ýygnamaga köpçülikleýin girişildi. Olaryň maksady gymmatly çig malyň 1010 tonnasyny tabşyrmakdan ybarat.
Kerki, Dänew, Halaç, Hojambaz etraplarynyň hojalyklarynda bu iş örän guramaçylykly alnyp barylýar. «Türkmen gündogary» gazetiniň berýän habaryna görä, şu günler ýüpekçilerden kümüşsöw çäje gelip gowuşýan piläniň tonnalary yzygiderli artýar.
Kerki etraby boýunça piläniň 85 tonnasyny ýygnamak meýilleşdirildi. Ýüpekçilik bilen meşgullanýan kärendeçileriň 843-siniň aglabasy eýýäm borçnamalaýyn tabşyryklaryny ýerine ýetirdi.
Saýat, Dänew, Halaç, Hojambaz etraplarynyň hojalyklarynda hem işiň depgini barha ýokarlanýar. Etraplaryň hersinde günde ýygnalýan çig mal 15 — 20 tonna golaýlaýar.