Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň IIM ýolagçylar we sürüjiler üçin ýol hereketiniň düzgünlerini ýatladýar

14:1707.05.2025
0
21570

Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugy raýatlara ýurdumyzyň ýol hereketiniň düzgünleriniň kadalaryny berjaý etmek boýunça maslahatlar bilen ýüzlendi.

Türkmenistanyň IIM-niň beren maglumatlaryna salgylanmak bilen, Türkmenportal saýtynyň habar berşi ýaly, pyýadalar ýoldan geçmek üçin ulagyň hereket edýän böleginiň islendik ýerlerini öz erkine ulanmaly däldir. Olar ýoluň ulagyň hereket edýän böleginden diňe ýörite niýetlenen geçelgelerden, ýerasty we ýer üsti geçelgelerden peýdalanyp geçmelidirler.

IIM-niň maslahatlarynda pyýadalaryň duran awtoulag serişdesiniň öňünden ýa-da görüşi çäklendirýän päsgelçiliklerden, ýakynlaşýan awtoulaglaryň ýokdugyna göz ýetirmezden ulagyň hereket edýän ýoluna çykmaly däldigi görkezilýär.

Sürüjiler kadalaşdyrylýan we kadalaşdyrylmaýan pyýada geçelgelerinde pyýadalary geçirmek üçin tizligi peseltmäge ýa-da durmaga borçludyrlar. Eger ulag serişdesi pyýada geçelgesiniň öňünde dursa, beýleki ulag serişdeleriniň sürüjileri diňe pyýadalaryň ýokdugyna göz ýetirenlerinden soň hereket edip bilerler.

IIM-niň beren maglumatlaryna görä, saga ýa-da çepe öwrülende sürüjiler el bilen ýa-da yşyk enjamlaryndan degişli yşaratlary berip, ýoluň ulagyň hereket edýän böleginden geçýän pyýadalara ýol bermelidirler.

Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugy ýollarda howpsuzlygy üpjün etmek üçin ýol hereketine gatnaşyjylaryň hemmesini ähli düzgündir kadalary berjaý etmäge çagyrýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň