Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna (GDA) gatnaşyjy döwletleriň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň XVIII forumy 2025-nji ýylyň 14–15-nji maýynda Täjigistanyň paýtagty Duşenbe şäherinde geçiriler. Forumyň esasy temasy «Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy: ynsanperwer hyzmatdaşlygyň täze mümkinçilikleri» diýlip atlandyrylar. Bu barada GDA gatnaşyjy döwletleriň Ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça döwletara gaznasynyň resmi saýtynda habar berilýär.
Forumyň çäklerinde geçiriljek ugurdaş duşuşyklaryň biri Arkalaşyga agza halklaryň Beýik Ýeňşe goşan goşandyna bagyşlanar. Şeýle-de tematik mejlislerde «Arkalaşyk ýurtlarynyň medeniýetinde däpler we innowasiýalar», «Ylymda we bilimde häzirki zaman tendensiýalary» hem-de «GDA-nyň ynsanperwer giňişligini ösdürmekde köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň mümkinçilikleri» ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşylar.
Forumyň çäklerinde GDA gatnaşyjy döwletleriň Milli ylymlar akademiýalarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygy, şeýle hem GDA-nyň Ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça döwletara gaznasynyň Müdiriýetiniň we GDA-nyň Ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça Geňeşiniň bilelikdäki mejlisi geçiriler. Şeýle hem forumyň maksatnamasyna «Arkalaşygyň ýyldyzlary» we «Arkalaşygyň başlangyçlary» atly halkara baýraklaryň gowşurylyş dabarasy hem-de GDA-nyň ýaşlar simfoniki orkestriniň çykyşlary giriziler.
Döredijilik we ylmy intelligensiýanyň forumy GDA giňişliginde her ýylda geçirilýän esasy ynsanperwer çäreleriň biridir. Bu forumda geçen ýylyň dowamynda gazanylan üstünlikler jemlenýär, bilelikdäki çäreleriň meýilnamalary ara alnyp maslahatlaşylýar we ýurtlaryň arasynda hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary boýunça täze çemeleşmeler işlenip düzülýär. Bu forumlar 2006-njy ýyldan bäri her ýyl, adatda, gurama başlyklyk edýän döwletleriň paýtagtlarynda geçirilýär.