Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Katmerden» ajaýyp sazlaşyk: hoşboý ysly türk çaýy bilen süýjülikden lezzet alyň

10:2007.05.2025
0
16147

«Katmer» kafesi ajaýyp sazlaşykly tagamdan lezzet almaga çagyrýar: ýumşak katmer we hoşboý ysly türk çaýy.

Ýag bilen ýugrulan we pisse sepilen inçe köp gatly çörek önümi bolan katmer özboluşly tagamy we ýumşaklygy bilen Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylarynyň hem-de myhmanlarynyň söýgüli süýjüligine öwrüldi.

Ýakymly ysy we ajy tagamy bilen meşhurlyk gazanan türk çaýy katmeriň süýjüliginiň üstüni ýetirip, tagamlaryň ajaýyp deňagramlylygyny döredýär. Gyzgyn içgi diňe bir bedeni gyzdyrmak we güýç bermek bilen çäklenmän, eýsem, süýjüligiň baý tagamynyň ähli aýratynlyklaryny ýüze çykarmaga kömek edýär.

Bu ajaýyp sazlaşykly tagamdan şu salgyda ýerleşýän «Katmer» kafesiniň mähirli we rahat gurşawynda lezzet alyp bilersiňiz: Aşgabat, Ankara köç., 19 ýaş (ozalky Ýubileýnaýa).

Telefon: (+993 63) 24 99 44. Sosial ulgamdaky sahypasy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň