Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Erkek kişi dowzahda bolandygyny gürrüň berdi

18:1706.05.2025
0
21293
Erkek kişi dowzahda bolandygyny gürrüň berdi
Surat: MIR 24

Kaliforniýanyň (ABŞ) ýaşaýjysy Stiw Kan uzak dowam eden operasiýa wagtynda haýsydyr bir «garaňky we gorkunç» ýerde bolandygyny, ony dowzah diýip atlandyrsa boljakdygyny gürrüň berdi diýip, «MIR 24» ýazýar.

Waka baryp 1998-nji ýylda boldy, emma Stiw şol wakadan soňra dine uýup, dindar boldy hem-de ol barada indi gürrüň bermek kararyna geldi diýlip, habarda aýdylýar.

Kanyň sözlerine görä, onuň düşen ýerinde ýagtylyk we ösümlikler ýok ekeni, Hemme ýerde gan-gyzyl reňkli gaýalar bolupdyr, umuman, ýagdaý Aýsyz tüm gijäni ýatladypdyr. Äpet arwahlar bolsa, köp sanly adamlaryň ejir çekişlerini synlaýan ekeni. Kanyň özi soňsuz agyrydan, günälilik we gorky duýgusyndan ejir çekipdir. Ol hatda iň ganym duşmanyna hem şol ýerde bolmagy arzuw etmejekdigini gürrüň berýär. Kanyň başdan geçiren duýgusyna görä, onuň syýahaty 20 minutdan uzak dowam etmändir, emma hakykatda ol sekiz sagatlyk operasiýany başdan geçiripdir diýip, «The Daily Mail» ýazýar.

Öň amerikaly zenan kliniki ölümi başdan geçirip, özüniň Hudaý bilen duşuşandygyny gürrüň beripdir. Zenanyň sözlerine görä, ony jennete eltipdirler, ol ýerde zenan birwagt aradan çykan dogan-garyndaşlaryna duşupdyr. Soňra ony dowzaha eltipdirler, ol ýerde günälileriň gykylygyny eşidipdir hem-de elhenç ys alypdyr. Ondan soňra Hudaý zenana yzyna dolanmak mümkinçiliginiň bardygyny aýdyp, görenlerini dirilere gürrüň bermegi maslahat beripdir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň