Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Adalatçysy Türkiýäniň Baş Adalatçysy bilen duşuşdy

17:3206.05.2025
0
14273

ÝUNISEF bilen Türkmenistanyň Adalatçynyň instituty tarapyndan bilelikde guralan iş saparynyň çäginde Türkmenistanda Adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekil — Adalatçy Ýazdursun Gurbannazarowa Türkiýäniň Baş Adalatçysy Mehmet Akarja bilen resmi duşuşyk geçirdi. Bu barada ombudsman.gov.tr saýtynda habar berildi.

Türkmen wekiliýetiniň Türkiýä sapary halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga we iki ýurduň arasynda adam hukuklaryny goramak babatda tejribe alyşmaga gönükdirildi. Gepleşikleriň dowamynda Türkmenistanyň we Türkiýäniň wekilleri adam hukuklary boýunça işleriň möhüm taraplaryny we iki ýurduň Adalatçynyň institutlarynyň arasynda mundan beýläk-de hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Baş Adalatçy Mehmet Akarja duşuşykda çykyş edip, guramalaryň adam hukuklaryny goramakda we kanunyň hökmürowanlygyny üpjün etmekde, administrasiýalarda gowy dolandyryş çemeleşmesini girizmekde, hukuk medeniýetini ýaýratmakda möhüm rol oýnaýandygyny aýtdy.

Duşuşygyň ahyrynda Ýazdursun Gurbannazarowa türk tejribesini öwrenmäge we Türkmenistanyň Adalatçynyň institutynyň işinde öňdebaryjy tejribäni ulanmaga gyzyklanma bildirdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň