«Pederleriň edermenligi — görelde mekdebi» ady bilen, Beýik Ýeňşiň 80 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde sergi guraldy. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.
Habarda bellenilişi ýaly, 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda ulanylan aragatnaşyk enjamy, Lallyk Hanowyň fronta iberen serişdelerinden ýasalan tankyň kiçeldilen nusgasy, dürbi, söweş torbasy, türkmen ýigidiniň harby eşigi, ot açýan ýaraglar we başga-da birnäçe harby esbaplar hem sergä gelenleri biparh goýmaýar.
Bu ýerde 1941 — 1945-nji ýyllarda tylda gahrymançylykly zähmetiň nusgasyny görkezen türkmen zenanlarynyň fronta kömek hökmünde esgerlere niýetlän ýyly egin-eşiklerini, altyn-kümüş bezeg şaýlaryny tabşyryp duran pursatlaryny şöhlelendirýän dokumental fotosuratlary, söweşe gatnaşyp, edermenlik görkezen Watan Gahrymanlary Gurban Durdy, Annageldi Rozyýew, Berdimyrat Döwletjanow ýaly gerçekleriň fotоsuratlaryny hem synlamak bolýar.
Suratkeş K.Hnykiniň çeken portretleri, edermen esgerleri tapawutlandyrmak üçin döredilen ordendir medallar, frontdan gelen üçburç hatlardyr şol döwre degişli resminamalar sergä gelenlerde aýratyn täsirleri galdyrýar.