Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Sobýanin Moskwada ömrüň dowamlylygynyň uzandygyny habar berdi

11:5206.05.2025
0
12505
Sobýanin Moskwada ömrüň dowamlylygynyň uzandygyny habar berdi
Surat: Kremlin.ru

Russiýanyň paýtagtynyň ýaşaýjylarynyň ortaça ömür dowamlylygy 80 ýyla golaýlaýar. Bu barada Moskwanyň meri Sergeý Sobýanin ýurduň Prezidenti Wladimir Putin bilen duşuşykda gürrüň berdi diýlip, Kremliň saýtynda habar berilýär.

«Biz ömrüň garaşylýan dowamlylygyna – 80 ýyla golaýladyk. Geçen ýyl bu 79,5 ýyl boldy. Biz oňat ýewropa netijesini, umuman alnanda, dünýä boýunça gowy netije gazandyk» diýip, Sobýanin nygtady. Onuň sözlerine görä, bu ykdysadyýetiň, saglygy goraýşyň ösüşiniň, şeýle-de ilatyň arasynda sagdyn durmuş ýörelgesine eýerýänleriň artmagynyň hasabyna mümkin boldy diýip, «Gazeta.ru» ýazýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň