Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Rowachlan Galkynysh» polipropilen gaplamalaryny özbaşdak sargyt esasynda taýýarlaýar

10:1306.05.2025
0
13272

«Rowachlan Galkynysh» hususy kärhanasy önüm öndürijilere polipropilenden özbaşdak sargytlar esasynda gaplama önümlerini taýýarlamak boýunça giň gerimli çözgütleri hödürleýär.

Eýýäm Türkmenistandan daşynda hem belli bolan «Rowachpack» haryt nyşanly önümler azyk önümleri we gurluşyk garyndylary ýaly dürli materiallary gaplamak hem-de daşamak üçin ulanylýar. «Rowachlan Galkynysh» kärhanasy önümleriniň şahsy isleglere laýyk getirilmegine hem aýratyn ähmiýet berip, adaty göwrümde bolmadyk ýükleriň özboluşly ululygyny we daşky şekil aýratynlyklaryny göz öňünde tutýar hem-de gaplama önümlerini ýörite işläp taýýarlamagy we öndürmegi teklip edýär.

Kärhana tarapyndan ulanylýan polipropilen dürli şertlerde gaplanan önümleriň howpsuzlygyny üpjün edýän ýokary kuwwata, ýagtylygy geçirmezden, oňat howa geçirijilik, ýokary temperatura garşylyk ýaly birnäçe artykmaçlyga eýedir.

«Rowachlan Galkynysh» hususy kärhanasynyň hünärmenleri bilen (+993 62) 29 29 69 we (+993 12) 29 29 69 telefon belgileri ýa-da rowachpack@gmail.com elektron poçta salgysy arkaly habarlaşyp bilersiňiz. Sosial media ulgamyndaky sahypasy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň