Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Tramp daşary ýurt filmlerine 100 göterim gümrük pajyny girizmekçi

08:5506.05.2025
0
11068
Tramp daşary ýurt filmlerine 100 göterim gümrük pajyny girizmekçi
Surat: 24.by

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp ýurduň Söwda ministrligine we Söwda wekilhanasyna daşary ýurtlarda öndürilen islendik filme 100 göterimlik gümrük pajyny girizmegi teklip etdi. Bu barada ol «Truth Social» sosial setinde ýazdy diýip, «Kommersant.ru» habar berdi.

ABŞ-nyň Prezidentiniň sözlerine görä, amerikan kino senagaty «beýleki ýurtlaryň özara ylalaşygy netijesinde ömrüni tamamlap barýar».

«Beýleki ýurtlar biziň režissýorlarymyzy we studiýalarymyzy Birleşen Ştatlardan äkitmek üçin mümkin bolan höweslendiriş teklipleri edýärler. ABŞ-da Golliwud we köp sanly beýleki etraplar boşap barýar» diýip ýazan Tramp munuň milli howpsuzlyga zyýan berýändigini nygtady.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň