Aşgabatdaky «Dejavu» restorany dürli aşpezlik önümlerini hödürlemek bilen, myhmanlaryny ajaýyp tagamlary we rahat gurşawy bilen begendirmegini dowam etdirýär.
Restoran myhmanlara milli usulda taýýarlanan nusgawy fransuz tagamlaryny, şeýle hem olaryň täzelenen özboluşly görnüşlerini hödürleýär.
Myhmanlarynyň agşamlaryny has ýatda galyjy etmek üçin «Dejavu» restorany dynç günlerinde ýörite maksatnama taýýarlaýar. Anna we şenbe günleri bu ýerde sazandalaryň we dijeýleriň çykyşlary bilen özboluşly gurşaw emele gelýär.
«Dejavu-nyň» tagamlaryndan öz öýleriniň rahatlygynda lezzet almagy makul bilýänler üçin restoran eltip bermek hyzmatyny hödürleýär. Indi halaýan fransuz tagamlaryňyz göni gapyňyza eltilip berler hem-de öýüňizden ýa-da iş otagyňyzdan çykmazdan, ýokary hilli restoran aşhanasyndan lezzet almaga mümkinçilik dörediler.
Ýörite agşam üçin stol bronlamak ýa-da eltip bermek hyzmaty boýunça sargyt etmek üçin şu telefonlara ýüz tutup bilersiňiz: (+993 71) 12 22 21, (+993 60) 19 19 02, (+993 60) 19 19 03. Sosial ulgamdaky sahypasy.
«Dejavu» şu salgyda ýerleşýär: 10-njy kiçi etrapça, «Dagbaşy» binasy.