Häzirki wagtda Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynyň Täze ýol geňeşliginiň çäginde döredilýän täze, döwrebap obada 420 orunlyk orta mekdep we 160 orunlyk çagalar bagy gurulýar. Bu barada "Türkmenistan: Altyn asyr" internet neşiri habar berýär.
Täze çagalar bagynyň umumy meýdany 2 gektardan gowrak. Bu ýerde çagalaryň hemmetaraplaýyn ösmegi, şol sanda olara daşary ýurt dillerini öwretmek, döredijilik çäreleri, kompýuter endiklerini ösdürmek, dynç alyş we açyk oýunlar üçin ähli şertler dörediler.
Täze mekdepde hem ýaş nesli terbiýelemek üçin ähli şertler dörediler. Okuw prosesinde mekdep derslerini çuňňur we hemmetaraplaýyn öwrenmek üçin bu ýerde kompýuter tehnologiýasy giňden ulanylar.
Sebitde 500-den gowrak orta mekdebiň, şol sanda daşary ýurt dillerini we beýleki dersleri çuňlaşdyryp öwredýän onlarça ýöriteleşdirilen mekdebiň, 100-den gowrak çagalar bagynyň bardygy habarda bellenilýär.