Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Birža söwdalarynda türkiýeli telekeçilere ýol bitumyny satmak barada geleşikler baglaşyldy

11:3103.05.2025
0
29349

2-nji maýda Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let ha­ryt-çig mal bir­ža­sy­nyň söw­da­la­ryn­da jemi 2 million manada we 223 900 ABŞ dollaryna deň bolan 3 geleşik baglaşyldy. Bu barada Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let ha­ryt-çig mal bir­ža­sy­nyň resmi saýtynda habar berildi.
Türkiýe döwletiniň işewürleri «Türkmennebit» döwlet konserninden «BND 60/90» görnüşli ýol bitumyny satyn almak barada geleşikleri baglaşdylar. Şeýle hem Birleşen Arap Emirlikleriniň işewürleri bilen Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginden buýan kökiniň goýy ekstraktyny satyn almak barada geleşikler baglaşyldy.
Içerki bazarda ýerli işewürler «Türkmennebit» döwlet konserninden «TPP D 30 S» görnüşli polipropileny satyn almak barada geleşikleri baglaşdylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň