Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Telegraph»: Beýik Britaniýanyň ýaşaýjysy dünýäde iň uzak ýaşly diýlip yglan edildi

13:1102.05.2025
0
20573
«Telegraph»: Beýik Britaniýanyň ýaşaýjysy dünýäde iň uzak ýaşly diýlip yglan edildi
Surat: Smartpress.by

Beýik britaniýaly Etel Keýterem dünýäde iň uzak ýaşly adam diýlip yglan edildi, onuň 115 ýaşy bar diýip, ýurduň «Telegraph» neşiri uzak ýaşlylar barada «LongeviQuest» bazasynyň maglumatlaryna salgylanyp habar berdi.

Neşir uzak ýaşly zenanyň Patyşa Eduard VII döwründe, 1909-njy ýylda doglandygyny belleýär. Ol korolyň döwleti dolandyran döwrüni gören iň soňky adamdyr. Keýterem şeýle-de Beýik Britaniýanyň iň uzak ýaşly zenan ýaşaýjysy bolup durýar.

Munuň öňüsyrasy planetanyň iň uzak ýaşly ýaşaýjysy, 1908-nji ýylda doglan, 116 ýaşly braziliýaly ruhany zenan Ina Kanabarrunyň aradan çykandygy habar berildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň